Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

13 Awgust 2024
139

Golaýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Sekretariatyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, ýagny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş direktory, şu ýylyň güýzünde Seulda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň 17-nji mejlisi bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar