Işewürlik maslahaty

12 Awgust 2024
193

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda assosiasiýasy (ROTOBO), Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş etdi. Forumyň gün tertibi sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlaryny, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalaryny hem-de senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamagy, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meselelerini öz içine alýar.

«Watan».
Beýleki habarlar