Beýik başlangyçlar dünýäni özgerder

12 Awgust 2024
143

Her gezek dünýäniň ünsüni özüne çekýän möhüm duşuşyklar hakda söz açylanda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda beýan eden «Dünýäniň merkezi» hakyndaky ýazgylary dessine ýadyma düşýär: «Gadymy Ink imperiýasynda, Talmud kitabynda we başga-da köp sanly gadymy eserlerde «Ýer togalagynyň merkezi» hakdaky düşünjelere orun berilýär. Şol ýerlere arşy-agladan ýagtylykdyr nuruň ýa-da dünýäni ýagtyltjak pikirdir taglymatlaryň inýändigi, şol ýerde bolup geçýän wakalaryň dünýäniň ykbalyna täsir edýändigi hakynda aýdylýar. ...Sebäbi Türkmenistana arşy-agladan nuruň ýagandygyna, dünýäni ýagtyltjak pikirdir taglymatlaryň bolsa beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň dilinden inderilendigine, ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň bolsa dünýäniň ykbaly bilen dahyllydygyna, oňa diňe oňyn tarapdan täsir edýändigine tüýs ýürekden ynanýaryn». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur many-mazmunly bu sözleri ýaňy-ýakynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda hem has äşgär duýuldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa — Ýaponiýa dialogynyň işewürlik maslahaty, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň dünýäniň üns merkezindedigini ýene bir gezek subut etdi.

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimize ygrarly bolup, dünýäniň ähli döwletleri hem-de halklary bilen köpugurly dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýokary derejede ýola goýmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza mahsus syýasy ýörelgedir. Gün-günden özgerýän täze dünýäniň talaplaryna kybap ösmek üçin derwaýys ädimlere hem-de derhal çözülmeli meselelere aýny wagtynda seslenip bilmek, olaryň takyk çözgütlerini teklip etmek, täzeçe pikirlenmeler we täzeçe çemeleşmeler bilen girişmek, bir asylly maksadyň başynda jem bolup, özara bähbitli usulda bilelikde hereket etmek wajyplygy aýdyň ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda mundan birnäçe ýyl ozal hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy uly ähmiýete eýedir. 9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy dünýäniň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde boldy.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar