Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

12 Awgust 2024
59

9-njy awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14 göterim artdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ornuny, onuň nobatdaky mejlisiniň şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde geçirilendigini belläp, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň üsti bilen işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar