Umyt bilen ýola çykan

12 Awgust 2024
136

Ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Edebi mirasymyza degişli gymmatlyklar giňden öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Türkmen aýdym-saz sungatynda özboluşly yz goýanlaryň biri-de Umyt, Umytguly bagşy atlary bilen tanalan Durdymyrat Berdiýewdir. Ol Tejen etrabynyň Türkmenistan obasynda 1935-nji ýylda dogulýar. Durdymyrat çagalygyndan aýdym-saz sungaty bilen meşgullanyp başlapdyr. Ol ilki öz neberelerinden bolan Körje bagşydan, Çary bagşydan, soň Bäherdeniň Durun obasyndaky Sary bagşydan tälim alypdyr. Durdymyrat juda ýatkeş bolupdyr. Bu barada onuň ýanynda sazandalyk eden ussat gyjakçy Gurbannazar Nurymow şeýle ýatlaýar: «Ol uçursyz ýatkeş, örän zehinlidi. Ilki-ilkiler diňe Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlary aýdardy. Kämilleşenden soň, täze goşgular tapyp, ony heňe salardy. Onsoň bilelikde işläp, täze aýdymlary dörederdik».

Durdymyrat Berdiýew ozaldan halkyň arasynda meşhur bolan «Zybagözel», «Maýagözel», «Pelek ömrüm», «Gaşly ýarym», «Aýna» ýaly halk sazlaryna goşgular düzüp, öz ýoly bilen aýdypdyr. Ol türkmeniň aýdym-saz sungatyna, taryhyna, edebi mirasyna kalby bilen berlen adam bolupdyr. Aýratyn hem Magtymgulynyň filosofik we sopuçylyk goşgularyny ürç edip öwrenipdir. Şolaryň täsiri bilen özi hem goşgy ýazmaga başlapdyr.

Merdan ÇARYMUHAMMEDOW,
Tejen etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Beýleki habarlar