«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň işewürlik maslahaty

12 Awgust 2024
135

9-njy awgustda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň 450-den gowrak wekilini bir ýere jemlän forumyň açylyş dabarasynda bu bilelikdäki çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Alty ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, deňhukuklylyk, döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek onuň baş maksadydyr. Bellenilişi ýaly, şu gezekki duşuşyk hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, onuň täze gurallaryny gözlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar