Dünýä bazarynda nebite isleg artar

11 Awgust 2024
95

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2024-nji we 2025-nji ýyllar üçin dünýä bazarynda nebite bolan isleg baradaky täze çaklamalaryny paýlaşdy. Oňa laýyklykda, 2024-nji ýylda dünýä bazarynda nebite bolan isleg ýokarlanyp, günlük ortaça 102,94 million barrel möçberinde bolar. 2025-nji ýylda bolsa, bu görkeziji 104,55 million barrele çenli artar.

Mundan başga-da, hasabatda 2024-2025-nji ýyllarda awiakerosine bolan islegiň ýyllyk ortaça 3 göterim möçberinde ýokarlanjakdygy çaklanylýar. Şeýlelikde, bu nebit önüminiň bahasynyň hem yzygiderli ýokarlanjakdygy bellenilýär.

Beýleki habarlar