Küşt oýnundan bäsleşdiler

6 Awgust 2024
134

Daşoguz welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezi Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berildi. Bu merkezde çagalaryň oňat dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady halkara ülňülerine gabat gelýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ösüp gelýän ýaş nesli köpçülikleýin sporta çekmek, dynç wagtlaryny şadyýan hem-de gyzykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde «Küşt oýny beýniniň gimnastikasy» atly dynç alýan çagalaryň arasynda bäsleşik geçirdi. Bäsleşik örän gyzykly geçdi. Bäsleşikde iki topar, ýagny «Paýhas» hem-de «Bossan» toparlary özara bäsleşdiler. Netijede «Paýhas» atly topar ýeňiji boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Akjagül AMANOWA,
TMÝG-niň Akdepe etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar