Azerbaýjan Sloweniýa tebigy gazy eksport edip başlady

4 Awgust 2024
147

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy («SOCAR») 1-nji awgustdan başlap, Sloweniýa tebigy gazyň eksportyny ýola goýdy. Şu ýylyň 17-nji iýulynda «SOCAR» bilen Sloweniýanyň iri kompaniýalarynyň biri bolan «Geopliniň» arasynda gol çekişilen ylalaşyga laýyklykda, «mawy ýangyç» gysga möhletleýin Sloweniýa eksport ediler. Taraplar häzirki wagtda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça hem gepleşikleri alyp barýarlar.

Ýeri gelende bellesek, Sloweniýa Azerbaýjandan tebigy gazy import edýän dokuzynjy döwlet boldy. Azerbaýjan Sloweniýadan başga-da, Türkiýe, Gruziýa, Italiýa, Gresiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Wengriýa we Serbiýa ýaly ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün edýär.

Beýleki habarlar