Şu ýylyň birinji ýarymynda Özbegistanyň ykdysadyýetine goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 2,5 esse artdy. Bu barada ýurduň Merkezi bankyna salgylanyp, spot.uz saýty habar berdi.
Çeşmäniň bellemegine görä, hasabat döwründe Özbegistanyň ykdysadyýetine gönükdirilen göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi 5,32 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Netijede, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 esse ýokarlanypdyr.