«BEDEW MÜNEN HASSA BOLSA, SAG OLUR»

31 Iýul 2024
240

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galdy. Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlary gaýtadan dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işler alyp barýarlar. «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi ― biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimize goýýan belent hormatyndan nyşandyr.

Türkmen halkynyň bedewlere bolan garaýyşlary öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Biologiýa ylmynda ewolýusiýa ösüşiniň ýokary basgançagynda duran adama iň ýakyn ýerleşen jandary maýmyn hasap edýän bolsalar, halkymyz bedew aty adama iň ýakyn jandar hasaplaýar. Oňa Magtymguly Pyragynyň: «Bedew atlar adam ýaly syzýar» diýen sözleri şaýatlyk edýär. Türkmen halky bedewleri öz ýakyn syrdaşy hasap edipdir.

Gadam SÖÝEGOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar