Arkadag şäheri — geljegimiziň aýdyň nusgasy

31 Iýul 2024
135

Häzirki döwürde «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes türkmen topragynda binýat bolan kämil sungat eseridir. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşmak maksady bilen, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy. Beýleki gurluşygy dowam edýän desgalar ýaly, bu kärhananyň gurluşygynda hem häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygy, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigi bellenildi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegi, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna üns çekildi.

«Esger».
Beýleki habarlar