Döwletli geňeşe toý ruhy bilen

31 Iýul 2024
157

Döwlet ähmiýetli işleri, il-ýurt bähbitli meseleleri halk köpçüligi, ýaşulular bilen ara alyp maslahatlaşmak — türkmen halkynyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däbi. Şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, milli demokratiýany ösdürmek ugrundaky tagallalary üstünlikli durmuşa geçirmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr.

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini täze taryhy zamanamyzyň belent ruhuna beslemek ugrundaky işlere giňden badalga berildi. Hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek, şeýle-de ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen bagly teklipleri toplamak işlerine girişildi. Her gezek däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň we pudaklarynyň işini kämilleşdirmeklige gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmek, şeýle-de milli kanunçylygymyzy ösdürmek we ony halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meselelere seredilip, oňyn çözgütler kabul edilýär.

Amangeldi HEZZIÝEW,
welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar