Halk maslahaty — halkyň jebisligi

30 Iýul 2024
174

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigi aýratyn bellärliklidir. Halk Maslahaty Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň däbe öwrülen milli binýadyny düýpli ösdürýär we döwrebaplaşdyrýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilen bu ýokary wekilçilikli edara halkymyzyň taryhdan öz gözbaşyny alyp gaýdýan maslahatlaşmak, geňeş etmek däbiniň aýdyň subutnamasydyr.

Daňatar MÜRZÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.
Beýleki habarlar