Tomusda dogry iýmitlenmek

30 Iýul 2024
183

Tomus pasly tebigatyň dürli peýdaly hem lezzetli iýmit önümlerini eçilýän sahy möwsüm bolup, bu döwürde dogry iýmitlenmek adam bedenini berkidip, kuwwatlandyrýar, kesele garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar. Dürli gök we bakja önümleri, miweler, ir-iýmişler adam bedeniniň saglygyny saklamakda zerur bolan örän köp sanly minerallara baýdyr. Bu möwsümde tutuş ýylyň dowamynda ýokumly düzümleri bilen bedenimizi taplajak peýdaly önümleri ýeterlik möçberde iýmitimizde ulanmaga çalyşmalydyrys.

Tomus döwründe saçakda hökmany suratda gök önümler ter görnüşinde-de, naharda bişen görnüşinde-de bolmalydyr. Gök önümli çorba, okroşka, ragu ýaly ýeňil naharlar, dürli işdäaçarlar, şeýle-de turşuja, ysmanak, reýhan, badyýan, narpyz ýaly gök otlar dürli tagamlara goşulyp hem, aýratyn görnüşde-de iýlende, örän peýdalydyr. Olar köp sanly ýokumlara, minerallara, iýmit süýümlerine, başga-da dürli dermanlyk aýratynlyklara baýdyr. Gök önümlerden taýýarlanan işdäaçarlara maýonez däl-de, gaýmak, ösümlik ýagy, sitrus miweleriň şireleri goşulsa, has peýdaly bolar. Bu iýmitlere duzy az goşmak maslahat berilýär, çünki duzuň bedende suwuklygy saklamak täsiri bolup, howanyň yssy döwri has zyýanlydyr.

Soltanjemal PÄLWANOWA,
Bäherden etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar