Dost-doganlyk ýörelgesi

30 Iýul 2024
255

Häzirki döwürde türkmen döwleti sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde BMG-niň netijeli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Munuň anyk mysallary hökmünde Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny, olary amala aşyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň açylandygyny görkezmek bolar.

Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge hemişe uly ähmiýet berýär.

Çynar ORAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar