2 – 19-njy iýul aralygynda Koreýa Respublikasynda ýerleşýän Bütindünýä Welosport merkezinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň guralyp, oňa türkmen wekiliýetiniň hem çagyrylmagy Watanymyzda sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahanyň nyşany boldy. Ýygnanyşyga Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň tälimçisi Igor Ýuldaşow hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby, welosport boýunça sport ussatlygyna dalaşgär Sewinç Gutlymyradowa gatnaşdy. Biziň S.Gutlymyradowa bilen söhbetdeşligimiz hem bu çäräniň ähmiýeti hakyndaky gürrüňden başlandy:
– Bütindünýä Welosport merkeziniň binýadynda geçen okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy. Şunuň ýaly ýokary derejeli ýygnanyşyga türkmen türgeni hökmünde gatnaşmak meniň üçin belent mertebedir. Bu çärä bäş ýurduň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistandan başga-da, Wýetnamdan iki türgeniň hem-de Mongoliýanyň we Pakistanyň bir welosipedçisiniň gatnaşmagy bize şol döwletleriň milli mekdepleriniň derejesi we ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.