Fransiýanyň paýtagty Parižde dünýäniň iň iri sport ýaryşy - XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary badalga aldy. 1896-njy ýylda Fransiýanyň jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan täzeden ýola goýlan hem-de dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu uly sport baýramyna dünýäniň ähli künjeklerinden sport dünýäsiniň tanymal wekilleri gatnaşýarlar. Bu abraýly ýaryşda türkmen türgenleriniň hem çykyş etjekdigi sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda bu ugurda ähli mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär. Sportuň dürli görnüşlerinden milli ýygyndy toparlarymyzyň düzümlerine goşulan türgenlerimiziň halkara bäsleşiklerinde netijeli çykyş etmeginde uly goşandy bolan Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebinde hem meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýokary sport ussatlygy mekdebimiziň türgenleriniň bäşisiniň gatnaşýandygy bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk ýola goýlandygyndan habar berýär. Türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlaryna barýan ýolda saýlama ýaryşlarda üstünlikli çykyş edendiklerini bellemek gerek.