Suwda ýüzmegiň saglyga täsiri

24 Iýul 2024
399

Suwda ýüzmek sportuň özboluşly bir görnüşi bolup, ol biziň ýurdumyzda-da giň meşhurlyga eýedir. Onuň aýratynlygy, suw gurşawyndaky fiziki işjeňlige baglylygy bilen tapawutlanýar. Adam bedenine fiziki maşklar we suw gurşawy täsir edýär. Suwuň dykyzlygynyň howanyň dykyzlygyndan ýokary bolandygy üçin, adamyň bedenine agyryly ýagdaýa meňzeş duýgular berip, bu duýga garşy rahat ýagdaýda bolmaga mümkinçilik döredýär.

Suwda ýüzülende onuň bedene täsiri deriniň üsti bilen başlanýar. Beden ýuwlup, deri arassalanýar, onuň iýmitlenişi we dem alşy gowulanýar. Suwuň dykyzlygyndan we basyşyndan başga-da, ýylylyk kuwwaty ýüzülýän wagtynda bedene oňat täsir edýär. Ýüregiň işini ýeňilleşdirýär, myşsalary gowşadýar we bogunlaryň işini gowulandyrýar. Suwda ýüzülende adamda köp tarapdan fiziologik üýtgeşmeler bolup geçýär.

Meňli GARRYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar