Ýandagyň dermanlyk häsiýeti

24 Iýul 2024
227

Ýandak ynsanyň jan saglygy üçin örän peýdalydyr. Ol köpýyllyk ösümlik bolup, dermanlyk häsiýeti örän uludyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde giňişleýin beýan edilýär.

Halk tebipçiliginde ýandagyň 15 — 20 gram owradylan baldagy 0,5 litr gaýnag suw bilen 10 minut gaýnadylyp, gyzgynlygyna süzülýär. Şol melhemlik bilen dowamly (hroniki) we ýiti içagyry, sanjy, aşgazandaky ýara keselleri, onki barmak içegäniň keselleri, babasyl bejerilýär. Melhemi güýçli içgeçmede 4 — 10 günläp 100 — 200 millilitrden günde 3 gezek, nahardan öň içmeli, çagalara az möçberde hem-de ýygyrak bermeli. Enterkolit, sanjy ýüze çykanda hem ýokardaky möçberdäki melhemlik ulanylýar. Ýiti hem-de hemişelik gastritde bejeriş 5 — 10 gün bolup, ýiti görnüşli bolsa ýandagyň melhemini 1-2 aýlap 100 millilitrden günde 3 gezek nahardan öň içmeli. Örän ýiti gastritde ýandakdan alnan melhemlik ilki-ilkiler ýiti agyry döretmezlik üçin az-azdan, ýagny 2-3 nahar çemçesi möçberinde içilse, has peýdaly. Garyn-içegedäki ýaralary bejermekde ilki ýandak güllemänkä ýa-da ýaňy gülleýän döwri ýygylan ýandagyň suwy bolmaly. Bu melhemi ilki 20 — 30 gün içmeli. Soňra bolsa ýandagyň tohumlanandan soňky ýygylan baldaklaryndan taýýarlanylan melhemi içmeli, ýandak baldagy ýaşka C witaminine baý bolýar. Babasyl keselinde ýandak suwuny günde nahardan öň üç wagtyna 100 — 150 millilitrden 15 — 20 günläp içmeli.

Durdygül ÇANDYROWA,
Ruhubelent etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar