Bu gün oba durmuşynyň has gözelleşendigine, eşretler bilen baýlaşandygyna ýurdumyzyň çar künjeginde şaýat bolýarys. Ykdysady, ruhy-medeni taýdan özgertmeleriň uly toplumynyň amala aşyrylmagy netijesinde obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň keşbi has üýtgedi, däp-dessurlary baýlaşdy. Täze döwrüň şuglasy olaryň durmuşyna ýagty saçýar. Döwletimiziň özleri barada edýän düýpli aladalaryny görüp, oba adamlarynyň ruhlary galkynýar. Olar öz ýaşaýyş-durmuşlarynyň ýokary hilini, derejesini üpjün etmegiň döwletimiziň içerki syýasatynyň esasy bölegine öwrülýändigini günübirin görýärler, bolup geçýän özgertmeleri buýsanç bilen synlap, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirýärler.