Halkara derejeli sport ýaryşlary — täze üstünliklere badalga

23 Iýul 2024
333

22-nji iýulda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegine, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine döwletimizde uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Taýýarlan Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar