Bilim ulgamynda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler

23 Iýul 2024
693

Ýurdumyzda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülerine laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap bilim edaralaryny — çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurmakda, bütin dünýäde gazanylan iň gowy netijeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Şol sanda ylym, bilim ulgamy hem dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebap ösdürilýär. Şular esasynda häzirki günlerde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze okuw ýyly üçin dalaşgär ýaşlaryň resminamalary kabul edilýär. Şu ýylyň iýul aýynyň 12-sinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň Tertibi baradaky resminama gol çekdi. Häzirki günlerde etrap-şäherlerde ýörite bellenilen hassahanalarda we saglyk öýlerinde dalaşgärler lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Jeren ATABAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar