Sazlaşykly işler durmuşa geçirilýär

23 Iýul 2024
410

Mekdep mugallymlarymyz täze okuw ýylyna irgözinden hem-de guramaçylykly taýýarlanmagy maksat edip, ýörite meýilnama taýýarladylar. Şu günler bolsa şol meýilnama boýunça ähli taýýarlyk işlerini doly we göwnejaý tamamladyk. Mekdebimiziň okuwçylarynyň tomusky dynç alyşlaryny göwnejaý guramak üçin hem alada edildi. Mugallymlar olaryň täze okuw ýylyna taýýarlykly gelmekleri barada ata-eneleriniň arasynda düşündiriş işlerini alyp bardylar.

Mekdebimizde täze okuw ýylyna oňat taýýarlyk görüldi. Mekdebimiziň abatlaýyş-rejeleýiş işleri talabalaýyk alnyp baryldy. Bu ugurda mekdebiň içki we daşky keşbini täzelemek işlerine aýratyn üns berildi. Täze okuw ýylynyň dowamynda ulanyljak okuw-görkezme esbaplarynyň üpjünçiligi göz öňünde tutulyp, bar bolanlary täzeden gözden geçirilýär, täzeleri satyn alynýar.

Meretgeldi TÄÇMÄMMEDOW,
Gyzylarbat etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar