«Bagtyýar nesildäki» sport ýaryşlary

23 Iýul 2024
223

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň guramaçylykly dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dürli sport ýaryşlary geçirilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat we şäher komitetleriniň guramagynda «Sagdyn nesil – kuwwatly Watan» ady bilen geçirilen sport ýaryşlary ýokary ruhubelentlige beslendi. Merkeziň sport meýdançasynda sportuň kiçi futbol, basketbol, woleýbol görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda bagtyýar nesiller toparlara bölünip, özara ýaryşdylar. Ýaryşlaryň dowamynda merkezde dynç alýan çagalar özleriniň sporta bolan höwesini açyp görkezdiler. «Şatlyk» hem-de  «Şowhun» toparlarynyň arasynda geçirilen ýaryşlarda jemi utuk sany boýunça «Şowhun» topary ýeňiş gazandy.

Merkeziň oýun zalynda geçirilen sport çärelerine bagtyýar çagalar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Sport ýaryşlaryna we çärelerine işjeň gatnaşan çagalara TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Beýleki habarlar