Mekdep bazarlary 1-nji awgustdan hereket edip başlar

21 Iýul 2024
159

19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew ýurdumyzda mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri we haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar.

Ogulabat KAKALYÝEWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň redaktor neşir işiniň mahabaty boýunça baş hünärmeni.
Beýleki habarlar