XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen ýygyndysyny ugratmak dabarasy geçirildi

22 Iýul 2024
236

Şu ýylyň 26-njy iýuly — 11-nji awgusty aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Bu Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenlerimiziň gatnaşýandygy diýseň buýsandyryjydyr. Şu gün — 22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenlerini bu halkara ýaryşyna ugradyş dabarasy geçirildi. Dabarada hormatly Prezidentimiziň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy okaldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda: «Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip bellenilýär.

«Güneş».
Beýleki habarlar