«Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag»

22 Iýul 2024
251

Hünär saýlamak adamyň durmuşynda iň möhüm işleriň biri. Çünki dogry saýlanan hünär ynsana ömürboýy rysgal getirýär, jemgyýetde öz ornuny tapmaga, köpçülik tarapyndan ykrar edilmäge ýardam edýär. «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Hünär eýesini eziz eder» diýen pähimleri döreden halkymyzda il-güne peýda getirýän kesp-kärlerden başy çykýan adamlara aýratyn hormat goýulýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýaş nesliň bilimli-sowatly, hünärli bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugy esasynda 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Häzirki günlerde hünär eýesi bolmagy ýüregine düwen ýaş ildeşlerimiz orta mekdepde alan bilimlerini ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde artdyrmak üçin giriş synaglaryna taýýarlyk görýär. Bizem durmuşyň täze tapgyryna gadam basýan ýaşlar üçin hünär saýlamakda göz öňünde tutulmaly ýagdaýlardyr şertler baradaky ýazgymyzy taýýarladyk.

Şertler we talaplar

Ahmet TÄÇLIÝEW.
Beýleki habarlar