Hukukçy bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

22 Iýul 2024
234

Bilşimiz ýaly, adamzat jemgyýetiniň döreýşini hem-de ösüşini öwrenmek taryh ylmynyň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin bolsa gerek, kiçiligimden bäri taryh sapagyny aýratyn gowy görýärin. Hukukçy bolmak arzuwymyň döremegini hem şunuň bilen baglanyşdyrýaryn.

Taryh dersi boýunça geçirilýän bäsleşiklere, olimpiadalara yzygiderli gatnaşýaryn. Her gezegem bu ugurdan bilýänlerimiň deňizden damjadygyna, taryhy has-da çuňlaşdyryp öwrenmelidigine göz ýetirýärin. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baý mazmunly kitaplary biziň üçin gymmatly gollanmadyr.

Bägül NURALYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.
Beýleki habarlar