«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, döwletimiziň sport diplomatiýasynyň barha rowaçlanýan häzirki döwründe milli türgenlerimiz iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, ýeňişli orunlara mynasyp bolýarlar. Ynha, şu şanly günlerimizde hem milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ak pata bilen ýola düşýärler.