Awaza hakyndaky şygyrlaryň mazmun taýdan çeperçiligi

21 Iýul 2024
151

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024

Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen eserler diňe bir täze temalar bilen baýlaşman, eýsem, şygyrlar mazmun taýdan hem baýlaşdy, forma taýdan täze görnüşe eýe boldy. Edebiýatyň taryhynda mazmun we formanyň haýsynyň has möhümligi hakynda köp jedeller, edebi çekişmeler boldy. Bularyň hersiniň öz gezeginde edebi ösüş, edebi täzelikler üçin möhümdigi ylmy we edebi çekişmäniň nazary garaýyşlarynda anyk deliller bilen esaslandyryldy. Aýry-aýry edebiýatçy alymlaryň pikiriçe bolsa mazmun we forma biri-birinden aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýazyjy-şahyrlar hem Garaşsyzlyk ýyllarynyň şygyrlarynda täze mazmun we forma eýe bolan şygyrlary döretdiler. Ak goşgy formasynda ýazylan eserleriň, şeýle-de nusgawy şygyr düzüş formasynda ýazylan eserleriň hem täze mazmun bilen baýlaşmagy häzirki Garaşsyzlyk döwründe şahyrlaryň ösüşli we aýratynlykly taraplarynyň biridir.

Garaja Hajyberdiýew,
Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar