Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

19 Iýul 2024
192

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

ÝUNISEF-iň wekili wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýola goýlan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, soňky ýyllarda bilelikdäki möhüm taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilendigini nygtady.

«Watan».
Beýleki habarlar