Türkmenistan — Gazagystan: Dostluk. Hoşniýetlilik. Açyklyk

19 Iýul 2024
191

Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, häzirki wagtda dürli ugurlarda okgunly ösdürilýär. 17-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etmegi, ilçiniň hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurmagy muňa aýdyň mysaldyr.

Hormatly Prezidentimiz Nurlan Nogaýewi jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň, GDA-nyň giňişliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, sebit mehanizmleriniň, hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň we «Merkezi Aziýa +» hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde tagallalaryň üstünlikli utgaşdyrylýandygy aýdyldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar