Raýatlaryň durmuş goraglylygy

18 Iýul 2024
185

Berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady binýady kuwwatlanyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulanýar. Döwletimizde kabul edilýän il-ýurt bähbitli kararlar, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, ilkinji nobatda, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe  bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasynda kesgitlenilen «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Merdan BAÝMYRADOW,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Umumy gözegçilik müdirliginiň ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň geňeşçisi.
Beýleki habarlar