Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

18 Iýul 2024
154

17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Jalpa Ratnany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ilki bilen, ony BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

TDH-niň habarlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar