Jahan içre mertebeli

17 Iýul 2024
195

Mukaddes Garaşsyzlyk asyrlaryň dowamynda berkarar döwletli bolmak barada arzuw edip gelen halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogdy. Bagtyýarlyk gülüp bakan halkymyz öz döwletine eýe bolup, özbaşdaklyk, erkinlik ýoly bilen ösüşleriň rowaçly ýoluna düşdi. Taryh üçin örän gysga döwrüň içinde Türkmenistan halkara bileleşiginiň deňli-derejeli, mertebeli agzalarynyň birine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi aýratyn orunda durýar.

Nesip bolsa, geljek ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen bu hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygy halkara derejesinde giňden baýram ediler. Bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek tutumly çäreler, dabaralar ata Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy berkitmäge, döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ony has-da giňeltmäge, hoşniýetli goňşuçylyga, özara düşünişmäge ygrarlydygynyň ýene bir ýola aýdyň ýüze çykmasy bolar.

Jumamyrat WELNAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Dänew etrap bölüminiň gözegçisi, uly leýtenant.
Beýleki habarlar