Daşkentde — türkmenistanyň milli sergisi

16 Iýul 2024
263

Düýn Daşkent şäherinde ýurdumyzda öndürilen dürli görnüşli önümleriň iki günlük sergisi öz işine başlady. «Türkmenistanda öndürilen» atly milli sergä ugurdaş ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, hususyýetçiler öz diwarlyklary bilen gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan işlere üns çekilip, bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy. Daşkentdäki ýurdumyzyň milli sergisiniň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyklarda we gepleşiklerde kabul edilýän çözgütlere, gazanylýan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň barha ilerledilýändigi, nobatdaky gözden geçirilişiň hem işewürlik ugurly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär edýändigi aýratyn nygtaldy.

«TÜRKMENISTAN»
Beýleki habarlar