Ulag ulgamynyň hukuk binýady

11 Iýul 2024
168

Ýurdumyzyň ulag ulgamy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolup, onuň ösdürilmegine döwlet derejesinde aýratyn goldaw berilýär. Şeýle hem bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen birlikde, hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.

Bu ulgamynda alnyp barylýan işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda ulag ulgamynyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Howa kodeksi, «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda», «Demir ýol ulagy hakynda», «Awtomobil ulagy hakynda», «Magistral turba-geçiriji ulag hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biri boldy.

Jeýhun MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň Daşoguz welaýat müdirliginiň müdiri.
Beýleki habarlar