Ýurdumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň belentliklerine tarap gadam basmak bilen, oňyn özgerişlere eýe bolýar. Muňa 5-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirmegi aýdyň şaýatlyk edip, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
MILLI YKDYSADYÝETIMIZIŇ OKGUNLY ÖSÜŞI ÜPJÜN EDILÝÄR