Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag

3 Iýul 2024
340

Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin döwlet derejesinde ähli şertler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynda bu meselä aýratyn uly üns berilýär. Halkymyzda «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag»  diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýen ata-babalarymyzyň ylym-bilim almak, hünärli bolmak baradaky asylly ýörelgeleri ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde rowaçlyklara beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki döwür sanly tehnologiýalaryň ösýän, kämilleşýän zamanasydyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, innowasion we sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilmegi netijesinde ähli ugurlarda ösüşiň ýokary depginleri üpjün edilýär. Döwrebap sanly tehnologiýalardan we enjamlardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelýändigi bizi hasam buýsandyrýar.

Serdar SÄHEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy.
Beýleki habarlar