Nurana günleriň röwşeni

3 Iýul 2024
222

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-günüň, döwletimiziň bähbidine alyp barýan işleri indi ençeme ýyllardan bäri bütin dünýä ýüzünde ykrarnamalaryny tapyp gelýär. Arkadag şäheriniň bir ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde bolsa biz bagtyýar döwletiň raýatlary hökmünde belent işleriň ykrarnamasynyň ýene bir ýola şaýady bolduk. Älem giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň dakylmagy eziz Arkadagymyzyň belent tutumlarynyň dünýä ýüzündäki ykrarnamasynyň aýdyň güwäsidir. Mälim bolşy ýaly, täze ýyldyzyň adyny tassyklaýan güwänama, şeýle-de teleskop, onuň düşüren suratlary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine tabşyryldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň gerimini asman giňişligine alyp çykan ýyldyz Pegas ýyldyzlar toparyna degişlidir. Bu topar emele getirýän şekili boýunça ganatly aty suratlandyrýar. «Arkadag» ýyldyzynyň şeýle toparda ýerleşmegi döwletli Diýarymyzyň bedew badyna tüýs mynasypdyr.

Begli ÝAGMUROW,
Darganata etrap, şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar