Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzy dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmakda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.