Medeniýetleriň dostlugy — halklaryň jebisligi

2 Iýul 2024
329

Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

Medeni gatnaşyklar halklary ýakynlaşdyrýar, köpugurly hyzmatdaşlyga rowaçlyk berýär. Munuň şeýledigini ýakynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri ýene bir gezek tassyklady. Onuň çäklerinde guralan dürli çäreler gazagystanly doganlarymyzy köpöwüşginli türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň şu günki üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Astana şäherindäki Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky sazly drama teatrynda guralan Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, medeni-edebi, ylmy jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, gazak paýtagtyndaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri hem-de şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Olar teatryň eýwanynda guralan Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, şaý-sepleriň sergisine tomaşa etdiler. Dabarada çykyş edenler Medeniýet günleriniň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň hormatly Prezidentlerine çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar