«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Aziýanyň Tennis federasiýasynyň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumyny «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýip yglan etmegi ýurdumyzda sporta goýulýan belent sarpanyň, döwletimiziň üstünlikli alyp barýan sport diplomatiýasynyň dünýäniň giň sport jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini görkezýän ýene-de bir ajaýyp hem-de buýsandyryjy waka boldy.