«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşigiň maksady beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňişleýin öwrenmekden, wagyz etmekden, onuň çuň mana, pähim-paýhasa we ýokary ahlak ýörelgelerine ýugrulan gymmatly goşgularynyň ägirt uly ähmiýeti barada ýaş nesilleriň düşünjelerini giňeltmekden ybaratdyr.