«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024
Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen ýokary bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, orta mekdebi, ýokary mekdebi özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar.