«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasydyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris. Çünki taryhyň gatlarynda bolup geçen ähli wakalara bedewlerimiz gönüden-göni dahylly bolmasa-da, olary bedewsiz göz öňüne getirmek kyndyr. Bedew baradaky düşünje biziň durmuşymyzda düýpli orun alandyr. Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç.