«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Türkmen halky özüniñ uzak taryhy döwründe dünýäniñ maddy we medeni hazynasyna hiç haçan gaýtalanmajak milli gymmatlyklary goşupdyr. Şolaryñ biri-de gamyşgulak ahalteke bedewlerimizdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziñ buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda ahalteke bedewleriniñ gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, dünýä atçylyk medeniýetinde tutýan orny we maddy gymmatlyk hökmünde görkezen netijeleri barada baý maglumatlar beýan edilýär. Biz bu kitaby okanymyzda ahalteke bedewleriniñ ykbalynyñ türkmen halkynyñ ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna göz ýetirýäris.