«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň teklibi boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edenine köp wagt geçenok. Muňa garamazdan, bu halkara sport baýramçylygy dünýä ýurtlarynda giň meşhurlyga eýe boldy. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanda guralýan iri medeni-sport çäreler toplumy dünýä nusgalyk ýokary guramaçylyk derejesi, köpöwüşginliligi bilen tapawutlanýar.