«Ýaşyl» şäher ekoulgamy

29 Iýun 2024
209

Arkadag şäherinde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Desgalaryň gurluşygynda «ýaşyl» tehnologiýalar, ekologik taýdan arassa serişdeler ulanylýar. Täze şähere 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Şäheriň ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnama hem gowşuryldy.

Şäherde ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän sazlaşykly ýol-ulag düzümi döredildi. Täze elektromobil taksiler we elektrobuslar şäherde ekologik abadançylygyň gowulandyrylmagyny üpjün edýär, ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Olar ýangyç bilen däl-de, elektrik energiýasy bilen işleýärler. Munuň üçin ýörite güýç beriji beketler bar. Şäheriň durmuş ulgamy Gün batareýalarynyň, ýel elektrik generatorlarynyň we beýleki döwrebap tehnologiýalaryň esasynda guralandyr.

Beýleki habarlar